Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde geçirildi.
Duşuşygyň başynda özbek Lider Turkmenistanyň Prezidentiniň döwlet saparynyň iki halkyň arasyndaky müňýyllyk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkdiginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.
giňeldilen düzümdäki gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky dostluk, goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda, ulag, energetika, suw hojalygy we beýleki möhüm ugurlarda alnyp barlan işlere ýokary baha berildi.
– Şübhesiz, bu işlerde Türkmenistanyň Hormatly Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly hyzmaty bar – diýip, Özbegistanyň Prezidenti belledi.
Soňky ýyllarda özara söwda iki esse artdy we 1 milliard dollardan geçdi. Özara harytlaryň sanawyny giňeltmegiň we erkin söwda düzgünini netijeli peýdalanmagyň hasabyna bu görkezijini 2 milliard dollara ýetirmäge ähli mümkinçilikleriň bardygy aýdylýar.
Haryt dolanyşygynyň artmagyna «Şawat-Daşoguz» serhetýaka söwda zolagynyň işe girizilmegi hem ýardam eder. Bu tejribäni beýleki sebitlere, ilkinji nobatda «Alat–Farap» zolagy boýunça giňeltmek barada ylalaşyga gelindi.
Senagat kooperasiýasyny giňeltmek maksady bilen gurluşyk materiallary, farmasewtika, azyk önümleri we beýleki talap edilýän harytlary öndürmäge degişli täze taslamalary işläp başlamak üçin işewürleri işjeň çekmegiň möhümdigi bellenildi.

Energetika pudagynda netijeli we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Geljekde bilelikde geljegi uly känleri özleşdirmek ýaly has uly taslamalary durmuşa geçirmek barada ylalaşyldy.
Iki ýurduň ykdysadyýetleriniň birleşdiriji halkasy ulag pudagydyr. Ýük daşamalaryň mukdary artýar, gümrük-logistika amallary ýeňilleşdirilýär. Taraplar Türkmenbaşy portuny bilelikde ösdürmäge, paýtagtlaryň arasynda gönüden-göni uçar gatnawlaryny dikeltmek boýunça ylalaşdylar.
Gazanylan ylalaşyklary öz wagtynda durmuşa geçirmek üçin ýylyň ahyryna çenli Hökümetara toparynyň we Iş geňeşiniň nobatdaky mejlisleri geçiriler.
Liderler köpugurly gatnaşyklaryň berk binýadynyň ynsanperwerlik ulgamydygyny aýtdylar. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Ürgençde we Daşkentde üstünlikli geçirilendigi hem-de türkmen filmleriniň görkezilendigi bellenildi.
Özara gatnaşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak üçin taraplar yzygiderli esasda konsertleri, teatrlaryň saparlaryny geçirmek, Hywada ýaşlar forumyny guramak, bilelikde filmler döretmek tejribesini dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylmy babatynda hem özara gatnaşyklar ösdüriler.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlary ähli gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi boýunça toplumlaýyn «ýol kartasyny» kabul etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
