JEMGYÝET

Türkmenistan Merkezi Aziýada kuwwatly elektrik energiýa ulgamyny döretmegiň başlangyjyny öňe sürdi

16-njy noýabrda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebitiň elektrik energiýa ulgamyny giňeltmegiň we kuwwatly, köpugurly elektrik ulgamyny döretmegiň möhümdigini belledi.

Energetika hyzmatdaşlygyny berkitmek meselelerine geçip, döwlet Baştutany Türkmenistanyň diňe bir turbageçiriji taslamalaryny durmuşa geçirmekde däl, eýsem, elektrik energiýasy ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem mundan beýläk anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

«Bu gün biz elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, sebitimizde we onuň töwereklerinde kuwwatly önümçilik we elektroenergiýa sarp ediş ulgamyny döretmegiň möhümdigini belleýäris. Şeýlelikde, bolup biläýjek daşarky oňaýsyz şertleriň täsirine durnukly elektroüpjünçilik ulgamy üçin ygtybarly serişde binýady dörediler» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Ýene-de okaň

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady

Rustam Minnihanow: Tatarystan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde Russiýanyň esasy merkezi

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy