JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşdy

Ozal hem habar berşimiz ýaly,  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda boldy.

Hormatly Prezidentimiz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň paýtagty Waşington şäherinde Ak Tamda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşdy.

Sammite gatnaşmak üçin Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Waşington şäherine bardylar.

2015-nji ýylda döredilen “C5+1” formatynyň döredilmeginiň 10-njy ýylynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ilkinji gezek Merkezi Aziýanyň Baştutanlaryny Waşington şäherinde Ak Tamda kabul etdi.

Duşuşykda ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary gözläp çykarmak, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksat edinilýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Merkezi Aziýa döwletleriniň Ameirkanyň iri “Boeing” kompaniýasyndan 40 sany dürli uçarlary satyn almagy maksat edinýändigini mälim etdi.

Şeýle hem duşuşykda döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary we özara bähbitli maýa goýumlary pugtalandyrmak we giňeltmek üçin, şol sanda energetika, oba hojalygy, ulag, ylym we tehnika, emeli aň we döwrebap tehnologiýalar ýaly ugurlarda ulanylmadyk mümkinçilikleriň we serişdeleriň köpdügi nygtaldy.

Söhbetdeşligiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde terrorçylyk we ekstremizm, şeýle hem neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy ýaly döwrebap dünýäniň howplaryna we wehimlerine garşy göreş meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, beýleki sebit we global meseleler boýunça-da netijeli pikir alyşmalar boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara çäreleriň geçiriljek merkezlerine baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

Ata Watan Eserleri

Klimow: Waşingtondaky sammit Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň täze eýýamyny görkezýär

ABŞ-nyň daşary işler ministri geljek ýyl Merkezi Aziýada saparda bolar

Milli Liderimiz: çagalaryň hiç biri hossarsyz däl, olaryň arkasynda dag ýaly döwleti durandyr

Ata Watan Eserleri

O.Atabaýewa: gaznanyň hasabyna 700-den gowrak çaga operasiýalar geçiriler