JEMGYÝET

O.Atabaýewa: gaznanyň hasabyna 700-den gowrak çaga operasiýalar geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň hem-de wise-prezidenti R.Bazarowyň, hukukçy M.Hojamberdiýewanyň we beýlekileriň gatnaşmagynda gaznanyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.

Hormatly Arkadagymyz gazna tarapyndan alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini, şunda halkara hyzmatdaşlyga möhüm üns berilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny aýdyp, bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Soňra Milli Liderimiz haýyr-sahawat düzümi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan bejeriş işleri, halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilişi barada çykyş etmek üçin gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa söz berdi.

O.Atabaýewa gazna tarapyndan amala aşyrylan köp sanly haýyr-sahawat işleriniň, onuň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe operasiýalaryň, çagalara bejeriş-dikeldiş, bejeriş-öňüni alyş hyzmatlarynyň ýerine ýetirilendigini we bu ugurdaky çäreleriň yzygiderli dowam etdirilýändigini belledi. Şeýle hem gaznanyň wise-prezidenti häzirki döwre çenli tutuş ýurdumyz boýunça 700-den gowrak çaga operasiýalaryň geçirilendigini we olara ýatymlaýyn şertlerde bejergileriň amala aşyrylandygyny aýtdy. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda näsag çagalaryň 163-sinde operasiýalar geçirildi. Mundan başga-da, 900-e golaý çaga üçin dikeldiş-bejergi işleri ýerine ýetirildi. Olar kämil hünärli çaga lukmanlarynyň ýörite gözegçiliginde saklanýar. Mundan başga-da, gaznanyň howandarlygynda dürli bäsleşikleriň geçirilendigi aýdyldy. Şunda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly bäsleşikde mümkinçiligi çäkli çagalaryň hem baýrakly orunlary eýeländiklerini, Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň düzümine girýän çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlaryň bardygyny bellemek gerek.

Ýene-de okaň

Klimow: Waşingtondaky sammit Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň täze eýýamyny görkezýär

ABŞ-nyň daşary işler ministri geljek ýyl Merkezi Aziýada saparda bolar

Milli Liderimiz: çagalaryň hiç biri hossarsyz däl, olaryň arkasynda dag ýaly döwleti durandyr

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasy Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberer

«Arkadag» – «Al-Ahli»: 1-1 deňme-deň tamamlandy

Merkezi Aziýa + ABŞ: ýubileý sammit geçiriler