JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy etrabynda täze karbamid zawodynyň düýbüni tutdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli günbatar welaýatynda birnäçe möhüm senagat desgalarynyň düýbüniň tutulyş hem-de açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde guruljak kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna mineral dökün öndürýän täze karbamid zawodynyň düýbüniň tutulyş dabarasy gatnaşdy.

Bu kuwwatly toplum Türkiýäniň “Gap Inşaat” hem-de Ýaponiýanyň “Mitsubishi Heavy Industries” kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan gurlar.

Bu senagat toplumy uly möüberli maýa goýum taslamasy bolup durýar. Täze toplumyň gurluşygynda Ýewropanyň hem-de Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu ýerde bir gije-gündizde 2000 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndüriler we çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Umuman, bu toplamda bir gije-gündiziň dowamynda 3500 tonna, bir ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler. Bu döwrebap kärhanada öndüriljek önümler daşary ýurt bazarlaryna eksport ediler. Täze kärhanada 1 müň täze iş orny dörediler.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi