DÜNÝÄ

Tramp iň ýokary döwlet ordeni bilen sylaglady

Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Je Mvong Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa gadymy koreý şalygyndan tapylan altyn täjiň nusgasyny sowgat berdi hem-de döwlet sapary mynasybetli oňa ýurduň iň ýokary döwlet sylagyny gowşurdy.

“Biz bu altyn täji Size Gýongju şäherine döwlet saparyňyzyň bu şatlykly pursadynda sowgat berýäris. Sebäbi ol Koreýa ýarymadasyna ilkinji gezek parahatçylygy getiren Silla ruhuny, şeýle hem Koreýa–ABŞ hyzmatdaşlygynyň altyn döwrüniň başlanmagyny alamatlandyrýar” diýip, Daşary işler ministriniň protokol işleri boýunça orunbasary Kim Te-jin aýtdy.

Silla şalygy döwrüne degişli bu bezegli täç 1973-nji ýylda Gýongju şäherindäki “Cheonmachong” guburyndan tapylyp, gadymy koreý senetçiliginiň nusgawy beýik eserleriniň biri hökmünde kabul edilipdi.

Şeýle hem Prezident Li Doanld Trampa, Koreýa ýarymadasynda parahatçylyga goşan goşandy hem-de parahatçylygy ilerletmekdäki ornuny ykrar edip, ýurduň iň ýokary sylagy bolan “Mugungwa” ordenini hem gowşurdy.

ABŞ Prezidentlerinden Donald Tramp ilkinji gezek şeýle sylaga mynasyp boldy. Tramp Günorta Koreýanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, Günorta Koreýa bilen ABŞ-nyň örän gowy gatnaşyklarynyň bardygyny we olaryň has-da berkjekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan nobatdaky ählihalk bag ekmek çäresine taýýarlyk görýär

Eýran Täjigistana sebit üçin umumy pul birligini döretmegi teklip etdi

Türkmen wekiliýeti YHG-niň içeri işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrasiýasy meselelerine bagyşlanan forumyna gatnaşdy

Ýaponiýa we ABŞ gatnaşyklaryň “täze altyn asyry” barada ylalaşyga gol çekdiler

Dünýäniň iň garry prezidenti gaýtadan saýlandy

Ata Watan Eserleri