DÜNÝÄ

ÝB bilen Hindistan ösüp barýan döwletleri goldar

«The Financial Times» neşiri Ýewropa Bileleşigi bilen Hindistanyň täze ylalaşyga ýakyndygyny ýazýar.

Neşirde ýazylyşy ýaly, taraplar mundan beýläk Ýer ýüzündäki infrastruktura taslamalaryny bilelikde maliýeleşdirmegi maksat edinýärler. Eýýäm bu babatda ÝB-niň we Hindistanyň arasynda ilkinji gepleşikler geçirildi.

Bu taslama girimek arkaly göz öňünde tutulýan ilkinji maksat ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna ösüp barýan döwletlerde infratrukturany ösdürmekdir. Şeýlelikde, bu taslama Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan başy başlanan we durmuşa geçirilýän «Bir ýer, bir ýol» taslamasy bilen bäsdeş bolup biler diýlip çaklanylýar.

Munuň üçin 8-nji maýda ÝB bilen Hindistanyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly resmi duşuşygyň bolmagyna garaşylýar. Täze taslama girişmek baradaky Ylalaşyga hut şol duşuşykda gol çekilip bilner.

 

Waşington 51-nji ştat bolýar

 

 

Related posts

Fransiýada maý aýynda gar ýagdy

vepa

Türkmen Lideri Bakü Yolcusu

vepa

Tramp Hytaýa döwlet sapary bilen bardy