Türkmenistan «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisi arkaly Owganystana tebigy gaz ibermäge 2027-nji ýylyň başynda başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň dowamynda beýan etdi.
Amanow: «Gaz geçirijiniň Owganystandaky bölegi babatda, biziň meýilnamamyz, maksadymyz – gurluşyk işlerini indiki ýylyň ahyryna çenli tamamlamak we indiki ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylyň başynda gaz akdyryp başlamak» diýip, belledi.
Ol, şeýle hem, taslamany durmuşa geçirmek üçin zerur bolan esasy ylalaşyklary baglaşmak boýunça Pakistan bilen gepleşikleriň gidişi barada habar berdi. Taslamanyň operatory: «Biz Pakistanyň geljekdäki maýa goýumlary goraýan, maýadarlara we ähli hökümet edaralary, gaz geçiriji agentlikleri we beýleki zerur ylalaşyklar ýaly maliýe institutlaryna ynam berýän esasy ylalaşyklary baglaşmaga gatnaşmagy ugrunda işleýäris» diýip, belläp geçdi.
Onuň sözlerine görä, gepleşikler tamamlanmaga ýakyn – işiň 90%-den gowragy ýerine ýetirildi. Bu tapgyry 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi “Galkynyş” gaz käninden ýylda 33 mlrd kub metr gazy ibermäge niýetlenendir. Taslama laýyklykda, 5 mlrd kub metr Owganystana, 14 mlrd kub metrden bolsa Pakistana we Hindistana iberiler.
Häzirki wagtda gaz geçirijiniň uzynlygy 214 km bolan türkmen böleginiň gurluşygy tamamlandy. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda bolan Serhetabat – Hyrat atly owgan böleginiň gurluşygyna başlandy. Häzirki wagtda gurluşyk işleri Owganystanyň çäginde işjeň dowam edýär.
