JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Gruziýa sapary

Tbiliside Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen duşuşygy geçirildi, onda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar tassyklanyldy diýip, Gruziýanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam eden ýokary derejeli soňky saparlaryň ähmiýetini bellediler. Gündogary günbatar bilen birleşdirýän Orta geçelgäni ösdürmek boýunça Gruziýa bilen Türkmenistanyň bilelikdäki işine üns çekilip, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berildi.

Ministrler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy nygtadylar, halkara guramalaryň çäklerindäki özara goldawy aýratyn belläp geçdiler. Olar geljekde bu özara bähbitli gatnaşygy dowam etdirmäge umyt bildirdiler.

Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň orny, şeýle hem medeniýet, bilim, ylym, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň zerurlygy möhüm orun eýeledi.

Sebitleýin howpsuzlyk meseleleri, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň zerurlygyna üns çekildi.

Gruziýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili, Prezident Mihail Kawelaşwili we Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilen hem duşuşar.

22-nji oktýabrda Raşid Meredow Tbiliside geçiriljek Bäşinji Ýüpek ýoly forumyna gatnaşar, bu bolsa Türkmenistanyň sebitleýin başlangyçlara gatnaşmagyny güýçlendirmekde nobatdaky ädim bolar.

Metbugat maslahaty

Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçorişwili we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ikitaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça bilelikdäki metbugat maslahatyny geçirdiler.

“Biziň halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklar bar, bu bolsa biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy has-da çuňlaşdyrmak üçin pugta esas bolup hyzmat edýär” diýip, Maka Boçorişwili belledi. Ol Gruziýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, muňa ýokary derejeli soňky saparlaryň ýardam edýändigini aýtdy.

Ministr energetika, ulag we üstaşyr ulgamlarynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiligine aýratyn üns berdi. “Biziň syýasy gepleşigimiz iki ýurduň hem ileri tutýan ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde esasy rol oýnaýar. Geljek ýyl Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyň mejlisi geçiriler, bu bolsa täze ugurlary kesgitlemek üçin möhüm meýdança bolar” diýip, Boçorişwili nygtady.

Ol şeýle hem üstaşyrmümkinçiliginiň we Gruziýanyň “Ýüpek ýoly” forumyny guraýjy hökmünde ähmiýetini nygtady. “Bu forum Gruziýanyň esasy ileri tutýan ugruna – özara baglanyşyklylyga baglydyr. Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak biziň üçin ileri tutulýan ugur” diýip, ministr belläp geçdi.

Ol sözüniň ahyrynda ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi üçin, hem ikitaraplaýyn, hem sebitleýin derejede parahatçylygyň we durnuklylygyň wajyplygyny nygtady.

Raşid Meredow bolsa, öz gezeginde, Gruziýa Türkmenistana halkara giňişliginde berýän goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol duşuşygyň açyk we netijeli ýagdaýda geçendigini we geljekdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm esasy döredýändigini belledi.

Meredow Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana soňky iki saparyny aýratyn belläp geçdi, bu bolsa Tbilisiniň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan ymtylyşyny görkezýär.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy iki ýurduň halkara guramalaryň çäginde özara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini, şeýle hem ykdysady, medeni, ylmy we bilim gatnaşyklaryny ösdürmegiň wajyplygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary tamamlandy

Türkmenistan-Özbegistan: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: haryt dolanyşygy 2 milliarda ýetiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistanyň Prezidentleriniň ikiçäk duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri