DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Russiýa Federasiýasyna resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň binasyna baryp gördüler we ol ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hormatly myhmanlaryň kitabyna ýazgy galdyrdy.

Soňra  Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Iwanowna Matwiýenko bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Iwanowna Matwiýenko Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

D.Gulmanowa saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda türkmen tarapynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasyna we onuň çäklerinde guralýan çärelere myhman hökmünde gatnaşmagynyň däp bolan ýörelgeleriniň dowam etdirilýändiginiň nusgasy hökmünde bellenildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky giň gerimli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly orunuň degişlidigini bellediler. Bu gatnaşyklar bolsa halklaryň arasyndaky dostlugly has-da pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga ýardam berýändigi barada nygtadylar.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ýardam berjek Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilmeginiň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu Ylalaşyk iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar

Ata Watan Eserleri

Germaniýada Turkmenistanyň ykdysadyýet günleri: 12 ähtnama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň DIM-inde Hindistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň medeniýet ministri ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Koreýa Respublikasynda GGGI-yň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy

Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Pusan şäherinde syýahatçylyk boýunça 1-nji Global sammite gatnaşdy