SPORT

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetiniň agzalyga saýlandy

Sport ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde futbola hem uly üns berilýär. Şonuň bilen bagly Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem ýurdumyzda futboly ösdürmekde köp işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bu ugurdaky alyp barýan işlerine ýokary baha berýän Bütindünýä Futbol Federasiýalarynyň Assosiasiýasy (FIFA) tarapyndan TFF-niň başlygy Guwançmuhammet Öwekow FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetine agza hökmünde saýlanyldy.

FIFA agza bolan federasiýalaryň 211-siniň arasyndan 24 wekiliň, şol sanda, Türkmenistanyň wekiliniň bu gurama agza hökmünde saýlanandygy ýurdumyzda futboluň ösüşine berilýän ýokary bahanyň we onuň dogry ýoldan barýandygynyň netijesidir.

Bilşiňiz ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA-nyň “Futbol mekdepler üçin”, “Zehinleri ýüze çykaryp, olary ösdürmek” hem-de çagalar futbolunyň tälimçileriniň bilimini artdyrmak  bilen bagly maksatnamalarynyň esasynda döwletli işleri alyp barýar. Geçirilýän bu çäreleriň golaý geljekde halkara arenalarynda netijeli çykyş etjek ýaşlary ýetişdirmäge gowy binýat boljakdygyny bellemek gerek.

FIFA-nyň Tehniki ösüş komiteti dünýäde çagalar, zenanlar, köpçülikleýin futboly ösdürmekde, tälimçilerden başlap ýaşlaryň futbol bilimlerini artdyrmakda saldamly işleri alyp barýar. Bu komitetiň tagallasy netijesinde ösüş ýolunda bolan Federasiýalardyr Assosiasiýalar geljegi nazarlaýan maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik alýarlar. Bu komitete saýlanan agzalar bolsa futboly ösdürmekde öňe sürülýän maksatnamalarydyr meýilnamalary seljerme geçirip, olary tassyklamak boýunça iş alyp barýarlar. Şol sebäpli-de, ýurdumyzyň wekiliniň bu komitete saýlanmagy ýurdumyzyň futbolunyň hem ilerlejekdiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty üçin 1 milliondan gowrak bilet satyldy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo dünýäde iň köp hak alýan futbolçy boldy

Aziýanyň tennis federasiýasy Türkmenistanda tennisiň ösüşine ýokary baha berdi

Messi ýetginjekleriň futbol ýaryşyny döredýär

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 28 ýurt belli boldy

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Şri-Lankany 2:1 hasabynda utdy

Ata Watan Eserleri