DÜNÝÄ

Pars şahyry Hafyz Şirazynyň döredijiligine bagyşlanan çäre geçirildi

Ýakynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň başlangyjy bilen beýik pars şahyry Hafyz Şirazynyň döredijiligine bagyşlanan çäre geçirildi.

Çäräniň dowamynda EÝR-niň Aşgabaddaky ilçihanasynyň medeni meseleler boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, EÝR-niň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani hem-de beýleki gatnaşyjylar çykyş etdiler.

EÝR-niň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani çykyşynda şeýle diýdi: «Şeýle dabaraly çäreleriň geçirilmegi, iki ýurduň Prezidentleriniň medeni hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän ünsleriniň netijesidir. Şu mynasybetli men iki ýurduň ýolbaşçylaryna öz hoşallygymy bildirýärin».

Mundan başga-da, çäräniň çäginde pars dilini öwrenýän okuwçylar Hafyzyň goşgularyny pars we türkmen dillerinde ýerine ýetirdiler. Okuwçylaryň arasynda gyzykly bäsleşikler geçirildi.

Çäräniň ahyrynda bäsleşikleriň netijeleri jemlenip, ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary Izmirde tanyşdyryldy

vepa

Türkmenistan Zenan parlamentarileriň forumyna gatnaşdy

Pakistanyň Prezidenti sammit üçin Aşgabada geldi