DÜNÝÄ

Müsürli Haled al-Anani ÝUNESKO-nyň baş direktory wezipesine saýlandy

Müsürli Haled al-Anani ÝUNESKO-nyň baş direktory wezipesine saýlandy, ol 57 sesden 55-sini aldy diýip, metbugat gulluklary habar berýär.

Ol bu wezipäni 2025–2029 ýyllar aralygynda, wezipesinden gidýän fransiýaly baş direktor Odri Azuleniň ýerine ýerine ýetirer.

Onuň bäsdeşi, Kongo Respublikasynyň wekili we ÝUNESKO-nyň tejribeli işgärlerinden biri bolan Firmen Matoko bary-ýogy iki ses aldy.

Al-Ananiniň dalaşgärligi noýabr aýynda ÝUNESKO-nyň 194 agza döwletiniň tassyklamagyna hödürlener.

Onuň dalaşgärligini Afrika Bileleşigi, Arap döwletleriniň ligasy hem-de Fransiýa, Ispaniýa, Türkiýe, Gabon, Germaniýa we Braziliýa ýaly birnäçe ýurt goldady.

Halid al-Anani — alym we syýasy işgär bolup, 2019-njy ýylyň 29 dekabryndan 2022-nji ýylyň 13 awgustyna çenli Müsüriň syýahatçylyk ministri wezipesinde işledi.

ÝUNESKO-nyň düzgünlerine görä, baş direktor ilki bilen dört ýyllyk möhlet bilen bellenýär we ol möhleti bir gezek uzaldylyp gaýtadan saýlanyp bilner. Ýerine ýetiriji geňeş ähli dalaşgärleri gözden geçirýär we soňky tassyklama üçin öz teklibini Baş konferensiýa iberýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň mejlisine gatnaşdy

Italiýada Türkmenistanyň ylmy wekiliýetiniň gatnaşmagynda möhüm senelere bagyşlanan çäreler geçirildi

Türkmenistan wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» atly maslahata we sergä gatnaşdy

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygyndan möhüm bildiriş

Kiýewdäki Magtymguly adyndaky kitaphanada şygryýet we sazly çäre geçirildi

Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçirildi