DÜNÝÄ

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky energetika we söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze geljegi» atly maslahat gurnaldy. Maslahat Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynda geçirildi.

Maslahata Türkiýe Respublikasynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň, jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ýolbaşçylary, Türkiýäniň ylmy-barlag merkezleriniň, medeni-ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, türkmen diasporasynyň agzalary, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, häzirki wagtda Türkmenistanda geçirilýän halkara wakalar, şol sanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp dekabr aýynda geçiriljek halkara forumyň ähmiýeti barada giňişleýin maglumatlar ýetirildi.

Çykyş edenler, häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrýandygyny nygtap, munuň esasy şertleriniň biri hökmünde, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlylygyny, dünýä açyklygy we ähli ugurlardaky özara bähbitli gatnaşyklara taýýardygyny bellediler.

Bularda başga-da, maslahatyň dowamynda köpasyrlyk türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwrüň täze ýyl ýazgysynda öz mynasyp ornuny tapýandygyny bellenildi.

Şeýle-de, maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan surat sergisi we ýörite taýýarlanan wideo ýazgynyň görkezilişi hem gurnaldy. Çäräniň ahyrynda ähli myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Ýene-de okaň

680 dollarlyk kofe Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy Bahriýa uniwersitetinde umumy sapak geçirdi

Türkmenistan Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň III parlamentara forumyna gatnaşdy

Duşenbe GDA-nyň Baştutanlarynyň sammitini kabul etmäge taýýarlanýar

Donald Tramp Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

III Merkezi Aziýa parlament forumy: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri