DÜNÝÄ

Si Szinpin: Hytaý ABŞ bilen “TikTok” boýunça gepleşiklerden hoşal

Pekin “TikTok” platformasy boýunça hytaý-amerikan çözgüdiň bazar düzgünlerine we taraplaryň gyzyklanmalarynyň deňagramlylygyna esaslanmagyna umyt edýär. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin AB|-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde belläp geçdi.

“Hytaýyň “TikTok” boýunça garaýşy aýdyň, hytaý hökümeti kompaniýalaryň isleglerine hormat goýýar we olaryň bazar düzgünleriniň esasynda täjirçilik gepleşiklerini geçirmek islegini goldaýar, şeýlelikde hytaý kanunlaryna we kadalaryna laýyk gelýän hem-de gyzyklanmalaryň deňagramlylygyny üpjün edýän çözgüt tapylsyn” diýip, Si Szinpiniň çykyşyny Hytaýyň Merkezi telewideniýasy habar berýär.

Şeýle hem Si Szinpin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hytaý kompaniýalarynyň ABŞ-daky maýa goýumlary üçin açyk we adalatly işewür gurşawy üpjün etmegine hem umyt baglaýandygyny belledi.

ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessent ozal aýdyşy ýaly, Tramp bilen Si Szinpin Hytaýyň sosial ulgamy bolan TikTok-yň ABŞ-daky geljekdäki işine degişli şertleriň gutarnykly görnüşini telefon söhbetdeşliginde maslahatlaşjakdygyny mälim edipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»