JEMGYÝET

Türkmenistanda täze etraplar döredildi

“Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da”, «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Milli mak­sat­na­ma­syn­da» göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, hal­ky­myz üçin ze­rur bo­lan dur­muş-yk­dy­sa­dy şert­le­ri üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, şeý­le hem Ahal we­la­ýa­tyn­da Al­tyn asyr et­ra­by­nyň, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da Ga­raş­syz­lyk we Gu­ba­dag et­rap­la­ry­nyň, Le­bap we­la­ýa­tyn­da Fa­rap, Döw­let­li we Ga­ra­be­ke­wül et­rap­la­ry­nyň, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da Oguz­ han et­ra­by­nyň dö­re­dil­me­gi bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di.

Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Al­tyn asyr et­ra­by­nyň hä­kim­li­gi, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Ga­raş­syz­lyk we Gu­ba­dag et­rap­la­ry­nyň hä­kim­lik­le­ri, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Fa­rap, Döw­let­li, Ga­ra­be­ke­wül et­rap­la­ry­nyň hä­kim­lik­le­ri, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Oguz ­han et­ra­by­nyň hä­kim­li­gi dö­re­dil­di.

Ahal, Da­şo­guz, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň hä­kim­lik­le­ri­ne Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi, Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nistr­li­gi, Ada­lat mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de, de­giş­li­lik­de, gör­ke­zi­len hä­kim­lik­le­riň gur­luş­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­ny, iş­gär sa­ny­nyň möç­be­ri­ni taý­ýar­la­mak hem-de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ne ber­mek tab­şy­ryl­dy.

Bu baradaky degişli kararnama hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çekdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi