DÜNÝÄ

Türkmenistan Türki döwletleri guramasynyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 6-8-nji sentýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Türkistan şäherinde Türki döwletleri guramasyna agza ýurtlaryň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Bu mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Çäräniň maksatnamasy Türki döwletler guramasynyň giňişliginde gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan resmi mejlisleri, şeýle hem agza-döwletleriň arasyndaky özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen medeni-işewür maksatnamany öz içine aldy.

2025-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda geçirilen esasy mejlis söwdany ýeňilleşdirmek, serhetlerde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek, şeýle hem gümrük amallaryň sanlylaşdyrylmagy babatynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen gümrük edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.

Related posts

ABŞ-da her ýylky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

BSGG-niň baş direktory ikinji möhlete saýlandy