JEMGYÝET

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly senäniň – Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri  hem-de güneşli Diýarymyzyň dürli  künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary  gatnaşdylar.

Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň  okalmagy maslahatyň ähmiýetini we derejesini belende göterdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, ösüşiň, berkararlygyň we rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan milli baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň agzybirligimizi, jebisligimizi hem-de doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmakda ähmiýeti örän uly bolar.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynda möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu guramanyň işiniň ähmiýetini has-da artdyrmaga, oňyn döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

1991-nji ýylyň 18-nji maýynda dünýäniň 10 döwletinde ýaşaýan türkmen doganlarymyz ilkinji gezek özleriniň taryhy ata Watany Türkmenistanda bir supranyň daşyna jemlenip, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň birinji maslahatyny geçirýärler. Netijede, şol gün Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi döredilýär we onuň Düzgünnamasy kabul edilýär. Şondan bäri Birleşik daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek işini üstünlikli alyp barýar.

Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hem esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, döwletimiz türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bolan Russiýa Federasiýasy, Beýik Britaniýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ukraina, Türkiýe Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Owganystan, Pakistan Yslam Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany Patyşalygy we beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Netijede daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen ylym, bilim, medeniýet, sungat, neşirýat işi, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, telekeçilik ýaly ugurlardaky gatnaşyklaryň ýyl-ýyldan işjeňleşdirilýär.

Ýene-de okaň

“Terra-News”: Makul Sözlük Rus metbugatynda

Ata Watan Eserleri

“Vestiabad”: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

“UssatNews”: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

Ata Watan Eserleri

TMCARS: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

Ata Watan Eserleri

Halkara Habarlar Merkezi: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

“Orient TM”: “Makul Sözlük” türkmen metbugatynda