SPORT

«Arkadag» topary 100-nji ýeňşini gazandy

17-nji sentýabrda AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň täze möwsümine girişjek «Arkadag» futbol topary yklym ýaryşynyň bosagasynda ähli resmi duşuşyklaryndaky 100-nji ýeňşini gazandy. Ýubileý ýeňiş Türkmenistanyň Futbol boýunça çempionatynyň Ýokary ligasynyň 19-njy tapgyrynyň çäginde Mary şäherinde ýerli «Merw» topary bilen geçirilen duşuşykda hasaba alyndy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

11-nji sentýabrda geçirilen şol duşuşykda ýurdumyzyň çempiony ýerli topary Altymyrat Annadurdyýewiň iki, Didar Durdyýewiň bir goly bilen 3:1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, «Arkadag» topary özüniň 102-nji resmi duşuşygynda 100-nji ýeňşini gazanyp, dünýä futbolynyň taryhynda mundan soň hem seýrek gabat geljek üstünlikleriň birini gazandy. Iň gyzykly tarapy topar mundan iki ýarym ýyl ozal ilkinji resmi ýeňşini hem «Merw» topary bilen bolan duşuşykda gazanypdy.

Häzirki zaman türkmen futbolynyň iň şöhratly wekili bu ýeňişleriň 74-sini Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynda, 14-sini Türkmenistanyň kubogynda, 6-syny AFK-nyň Çagyryş ligasynda, 5-sini Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşda, birini bolsa Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşykda gazandy.

102 duşuşykdan ybarat 100 ýeňişlik tapgyrda topar garşydaş derwezelere 401 gol geçirdi. Mary şäherinde geçirilen duşuşykda hüjümçi Didar Durdyýewiň 80-nji minutda geçiren goly «Arkadag» futbol toparynyň resmi duşuşyklardaky 400-nji goly hökmünde bellige alyndy. Bu bolsa toparyň her bir duşuşykda 4-e ýakyn pökgini garşydaş derwezelere geçirendigini görkezýär.

Toparyň 400-nji goluny geçiren hüjümçiniň 100 ýeňişli menzilde iň köp tapawutlanan futbolçy bolandygyny hem aýtmak gerek. Topar döredileli bäri ýokary derejedäki oýny bilen janköýerleriň berekellasyna mynasyp bolup gelýän Didar Durdyýew resmi duşuşyklarda 95 gezek tapawutlandy. Ol bu netije babatynda topardaşlaryndan has öňde. Ikinji orundaky Begenç Akmämmedowyň 55, üçünji orundaky Altymyrat Annadurdyýewiň bolsa 54 goly bar.

Ýene-de okaň

CAFA-2025: Özbegistan sebitleýin ýaryşyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Sport habarlary: Italiýaly zenanlar dünýä çempiony, Infantino Daşkentde

AFC-2 Çempionlar ligasy:  “Ahal” topary duşuşyklaryny «Arkadag» stadionynda geçirer

“Fenerbahçe” topary Ederson we Asensiony satyn aldy

Isak Angliýanyň taryhynda iň gymmat futbolçy boldy

Alehandro Garnaço “Çelsi” toparynda çykyş eder