Ozal hem habar berşimiz ýaly, Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde «Altyn minbar» atly XXI Kazan halkara kinofestiwaly geçirildi. Oňa dünýäniň 67 döwletinden kinematograflar hem-de goýujy režissýorlar uly gyzyklanma bildirdi.
Şeýle abraýly halkara kinofestiwalynda Türkmenistanda döwletimize wekilçilik edip, 2 çeper film – “Daragt” hem-de Türkmenistan bilen Özbegistanyň bilelikde surata düşüren “Magtymguly Pyragy” çeper filmi gatnaşdy.
Türkmenistanly režissýor Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» (2023 ý.) atly çeper filmi festiwalyň başlanan güni Kazanyň “Mir” kinoteatrynda tomaşaçylara ýetirilipdi.
Festiwalyň ahyrky gününde bolsa, türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň «Magtymguly Pyragy» atly bilelikdäki çeper filmi “Rodina” kinoteatrynda görkezildi.
Magtymguly barada täze filmi döretmegiň üstünde uly topar işledi. Filmi ýazgy etmegiň esasy bölegi Özbegistanda, beýik şahyryň öz ýaşlygyny geçiren ýeri bolan Buharanyň we Hywanyň taryhy binagärlik desgalarynyň arasynda geçirildi.
Ilkinji nobatda, bu film türkmen we özbek halklarynyň dostlugyny açyp görkezýär. Filmiň režissýory – meşhur özbek kinematografiýaçysy Muzaffarhon Erkinow hem Kazan kinofestiwalyna gatnaşyp, bu filmi döretmek babatda amala aşyrylan giň gerimli işler barada kino söýüjilere gürrüň berdi.
Filmde türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymgulynyň keşbinde ýaş türkmen artisti Ahmet Amandurdyýew, şahyryň kakasy Döwletmämmet Azadynyň keşbinde Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew çykyş etdiler. Şeýle hem filmde beýleki meşhur türkmen we özbek artistleri keşpleri ýerine ýetirdiler.
Filme iki dilde – türkmen we özbek dillerinde ses berildi, şeýle hem ol rus we beýleki dillere terjime edilip, dünýä jemgyýetçiligine ýetirildi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Kazanda yzygiderli geçirilýän “Altyn minbar” festiwalyna 67 döwletden 845 çeper eserler hödürlendi. Festiwalyň guramaçylar topary tarapyndan 22 döwletden 54 film saýlanyp alyndy.
Paragwaý, Taýwan, Andorra, Kolumbiýa we Täze Gwineýa ýaly döwletler bolsa, ilkinji gezek kinematograflary bilen bu festiwala gatnaşdy.