DÜNÝÄ

ŞHG ýurtlary Guramanyň Ösüş bankyny döreder

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna (ŞHG) agza döwletler ŞHG-niň Ösüş bankyny döretmek babatdaky başlangyjy goldamagy beýan etdiler.

Bu barada Týanszinde geçirilen ŞHG sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen jarnamada bellenilip geçilýär.

“Gyzyklanma bildirýän agza döwletler, ŞHG Ösüş bankyny döretmegiň ähmiýetini tassyklap, onuň esaslandyrylmagy hem-de bu maliýe institutynyň işiniň ähli meseleleri boýunça maslahatlaşmalary işjeňleşdirmek barada karar kabul etdiler” diýip, resminamada bellenilýär.

Ahyrky jarnamada şeýle hem taraplaryň emeli intellekt bilen baglanyşykly howpsuzlyk töwekgelçilikleriniň öňüni almak boýunça bilelikde işlemäge, BMG-ni häzirki syýasy we ykdysady ýagdaýlara uýgunlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtamaga, gurama bilen ýokary derejede dialogy dowam etmäge, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde hyzmatdaşlyga taýýardygyny bildirmäge hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada ylalaşandyklary görkezilýär.

Ýene-de okaň

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

Tokaýew we Putin sürüjisiz awtoulagyň gatnaw taslamasyna badalga berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen halkara suw maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy