SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“EKSPO-2025”: Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Türkmenistan – dost-doganlygyň, myhmansöýerligiň mekany” atly ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi.

Bu maslahatyň işi Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini halkara derejesinde giňden tanatmak, Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de syýahatçylyk ulgamyndaky döwlet we hususy düzümleriniň özara gatnaşyklaryny ösdürmekden ybarat boldy.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň syýahatçylyk ugrundaky döwlet syýasaty, onuň medeni hem-de taryhy mümkinçilikleri, häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalarynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň we Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri çykyş etdiler. Şeýle hem, maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä derejesinde giňden şöhlelendirmäge gönükdirilen bu çäre ýurdumyzyň halkara abraýynyň yzygiderli artýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

Ýene-de okaň

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy

Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen we Daşoguz şäherlerinde saglyk merkezlerini gurar