DÜNÝÄ

Lawrow: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklary giňelderis

Russiýa bilen Türkmenistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegi, infrastruktura, logistika hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça metbugat ýygnagynda aýtdy.

«Şu günki söhbetdeşligimiz Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek, ulag-logistika, infrastruktura we energetika ugurlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak baradaky berk we birek-birege laýyk gelýän meýillerini tassyklady. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berdik» diýip, S.Lawrow aýtdy.

Ministriň bellemegine görä, Russiýanyň we Türkmenistanyň medeni ugurda birnäçe bilelikdäki başlangyçlary bar. Olaryň hatarynda Türkmen-rus uniwersitetini döretmek, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň Aşgabatdaky täze binasynyň gurluşygy we A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň goşmaça okuw binasynyň gurluşygy ýaly taslamalar bar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gepleşikler Moskwada geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem halkara hem-de sebit gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy