SPORT

Milletler Kubogy 2025: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary 29-njy awgust — 8-nji sentýabr aralygynda iki şäherde — Duşenbe (Täjigistan) hem-de Daşkent (Özbegistan) şäherlerinde geçiriljek MAFA (CAFA) Milletler Kubogy 2025-e gatnaşar. Bu abraýly halkara ýaryşda Türkmenistana wekilçilik etmek üçin ýurdumyzdan 24  futbolçy gatnaşýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Özbegistanyň Daşkent şäherinde türgenleşik işlerini alyp barýar. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow bu halkara ýaryşda çykyş etmek üçin 24 futbolçyny toparyň düzümine çagyrdy.

CAFA Milletler Kubogy 2025-de çykyş etmäge çagyrylan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylar düzümi:

Derwezebanlar: Öwezow Muhammet (“Şagadam”), Çaryýew Rasul (“Arkadag”), Ahallyýew Rüstem (“Arkadag”).

Goragçylar: Jumaýew Wepa (“Witebsk”), Gürgenow Bagtyýar (“Ahal”), Bäşimow Abdy (“Arkadag”), Mämmedow Ybraýym (“Arkadag”), Rejebow Berdimyrat (“Arkadag”), Toýjanow Yhlas (“Arkadag”), Annagulyýew Güýçmyrat (“Arkadag”).

Ýarymgoragçylar: Gurbanow Ýazgylyç (“Arkadag”), Sapargulyýew Arzuwguly (“Arkadag”), Myratberdiýew Rahman (“Altyn Asyr”), Beknazarow Mirza (“Arkadag”), Ballakow Welmyrat (“Arkadag”), Annaýew Gurban (“Ahal”), Saparmämmedow Yhlas (“Arkadag”), Ataýew Ahmet (“Arkadag”).

Hüjümçiler: Titow Mihail (“Ozgen”), Durdyýew Didar (“Arkadag”), Hydyrow Şamämmet (“Arkadag”), Tirkişow Şanazar (“Arkadag”), Annadurdyýew Altymyrat (“Arkadag”), Akmämmedow Begenç (“Arkadag”).

Bu ýaryşda Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary «А» toparçada çykyş edýär. Milli ýygyndynyň ähli duşuşyklary Daşkentde geçer. Türkmen toparynyň garşydaşlary Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Omanyň ýygyndylary bolar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň duşuşyklarynyň senenamasy:

Gyrgyzystan – Türkmenistan

Duşuşygyň senesi: 30-njy awgust.

Başlanýan wagty: 17:00 (Aşgabat wagty bilen).

Geçirilýän ýeri: “Jar” stadiony.

***

Türkmenistan – Özbegistan

Duşuşygyň senesi: 2-nji sentýabr

Başlanýan wagty: 19:30 (Aşgabat wagty bilen).

Geçirilýän ýeri: “Jar” stadiony.

***

Türkmenistan – Oman

Duşuşygyň senesi: 5-nji sentýabr

Başlanýan wagty: 17:00 (Aşgabat wagty bilen).

Geçirilýän ýeri: “Olimpiýa” stadiony.

Bu halkara ýaryşyň «B» toparçasynda Eýranyň, Täjigistanyň, Owganystanyň hem-de Hindistanyň ýygyndy toparlary çykyş edýär. Toparçanyň ähli duşuşyklary Duşenbe şäherindäki “Hisor” merkezi stadionynda geçiriler. Ýaryşyň açylyş duşuşygy «B» toparçasyndaky Eýran bilen Owganystanyň arasynda 29-njy awgustda sagat 17:00-da başlanar.

Toparçalarynda birinji ýeri eýelemegi başaran ýygyndy toparlar finalda, ikinji orunlara mynasyp bolanlar bolsa bürünç medal ugrunda geçiriljek duşuşykda çykyş etmäge hukuk gazanarlar. Halkara ýaryşyň final duşuşygy “Jar” stadionynda, üçünji orun ugrundaky duşuşyk bolsa “Hisor” merkezi stadionynda 8-nji sentýabrda guralar.

Ýene-de okaň

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi

AFK Çempionlar ligasy-2: “Arkadag” we “Ahal” klublaryň duşuşyklarynyň seneleri

Futbolda täze rekord

Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Anderson bilen tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri