SPORT

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Saud Arabystanyň Superkubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän “Al-Nasr” topary “Al-Ahli” toparyndan utuldy. Duşuşyk Gonkongda geçirildi.

2,5 ýyldan bäri Saud Arabystanyň çempionatynda çykyş edýän 40 ýaşyndaky Kristiano Ronaldo 12 ýaryşda kubok gazanyp bilmedi.

2025-nji ýylyň Superkubogyny hem elinden gideren Ronaldo özboluşly rekordy gazanmagy başardy. Ol bu duşuşykda tapawutlanyp, “Al-Nasr” toparyndaky gollarynyň sanyny 100-e ýetirdi.

Şeýlelikde, portugal futbolçy futbol taryhynda 4 dürli toparda 100-den köp gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Ronaldo “Real Madrid” toparynda 450 gol, “Mançester Ýunaýted” toparynda 145 gol, “Ýuwentus” toparynda 101 gol we “Al-Nasr” toparynda 100 gol geçirdi.

Şu ýylyň iýunynda “Al-Nasr” topary bilen 2027-nji ýyla çenli şertnama baglaşan Ronaldonyň bu toparda ýene-de täze gollaryny geçirmegi dowam etjekdigi ikuçsyzdyr.

 

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady