JEMGYÝET

Amangözel Şagulyýewanyň 85 ýaşy bellendi

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň meşhur döredijilik işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany, ussat şahyr Amangözel Şagulyýewanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Gahryman şahyryň doglan gününiň hormatyna Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz öz Gutlaglaryny iberdiler.

Dabaranyň esasy pursatlary başlanyp, ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewanyň doglan güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy.

Milli Liderimiziň Gutlagynda  türkmençilikde 85 ýaşyň goýazylygyň, nurana pähim-paýhaslylygyň hem-de kämilligiň iň belent derejesi hasaplanýandygy bellenilip, A.Şagulyýewanyň döwrüň sesine ses goşýan, ýurdumyzyň üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitleriniň waspyny ýetirýän ajaýyp eserleri bilen okyjylary mundan beýläk-de begendirjekdigine ynam bildirdi.

Soňra dabarada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewanyň doglan güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy.

Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda şahyryň ýiti galamyndan çykan ençeme kitaplaryň okyjylar tarapyndan söýlüp okalýan eserlere öwrülendigi, bu kitaplarda ündelýän pikirleriň onuň ýürek sesidigi, döwrüň beýik ösüşleriniň joşgunly owazydygy nygtalýar.

Soňra dabarada çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi. O.Atabaýewa Türkmenistanyň Gahrymany A.Şagulyýewany doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, galamynyň ýiti bolmagyny, mundan beýläk-de döredijiliginiň has-da ösüp, dünýä ýaýramagyny arzuw etmek bilen, onuň ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ösdürilmegine, türkmen halkynyň ruhy hazynasynyň baýlaşmagyna goşan uly goşandy bilen aýratyn hormata mynasyp bolan şahsyýetlerimiziň biridigini nygtady.

Şahyra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ajaýyp ter çemen gowşuryldy.

A.Şagulyýewa özüne şeýle belent sylag-hormat bildirilip, iberilen hem-de aýdylan Gutlaglar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa tüýs ýüreginden hoşallygyny beýan etdi

Ýene-de okaň

Özbek Liderinden Milli Liderimize minnetdarlyk haty

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidenti Awazadaky forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

“Makul habar” elektron gazeti: BMG-niň Awaza forumyna bagyşlanan ýörite sany

“Ata Watan Media” topary BMG-niň Awaza forumyny gyzgyny bilen okyjylara ýetirdi

BMG-niň Awaza forumy tamamlandy: deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin täze durmuşyň başlangyjy boldy