JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa Zenan ýolbaşçylaryň forumyna gatnaşdy

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda  BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Zenan ýolbaşçylaryň forumy geçirildi. Oňa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gatnaşdy.

Şeýle hem foruma gatnaşan zenan ýolbaşçylaryň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Özbegistanyň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali ben Naser Al-Misned, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Baýramgül Orazdurdyýewa we Bahar Seýidowa, şeýle hem ýurdumyzyň pudaklaýyn edaralarynyň zenan ýolbaşçylary we dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen daşary ýurtly zenan ýolbaşçylary gatnaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa forumda eden çykyşynda Türkmenistanda zenanlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belläp, zenanlaryň ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda döwlet edaralarynda wekilçilik edýändiklerini belledi.

“Maşgala gymmatlyklary diňe bir ýakyn adamlary baglanyşdyrýan kadalar bolman, eýsem, terbiýäniň hem esasyny düzýär. Bu gymmatlyklar adamy şahsyýet hökmünde kemala getirmekde wajyp orun eýeläp, maşgalany, umuman, jemgyýeti pugtalandyrmaga ýardam berýär” diýip, gaznanyň wise-prezidenti aýtdy we Türkmenistanda zenanlaryň ähli ulgamlarda, şol sanda ylymda, bilimde, medeniýetde, hususy pudakda zähmet çekýändiklerini, döwlet häkimiýeti edaralarynda ýolbaşçy wezipelerde işleýändiklerini belledi.

Oguljahan Atabaýewa forumda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri barada hem gürrüň berdi.

Hususan-da bu gaznanyň hasabyna çagalara yzygiderli mugt lukmançylyk kömekleriniň berilýändigini, köp sanly çagalara çylşyrymly operasiýalaryň geçirilendigini belledi. Şu ýyl gaznanyň esaslandyrylmagynyň dört ýyllygy bellenildi. Şol döwrüň içinde ol köp sanly haýyr-sahawat çärelerini, şol sanda 500-den gowrak neýrohirurgik, ortopedik, kardiohirurgik operasiýalary maliýeleşdirdi.

Şeýle hem Oguljahan Atabaýewa “Biz öňdebaryjy tejribäni öwrenmek hem-de alyşmak üçin halkara hyzmatdaşlyga açykdyrys. Sagdyn nesli kemala getirmek üçin zenanlara, olaryň beden we ruhy saglygyna aýratyn üns bermek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmaklary üçin şertleri döretmek zerurdyr. Eneligi, çagalygy goramak, maşgala gymmatlyklaryny berkarar etmek, zenanlaryň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar” diýip, belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa öz çykyşyny Tereza enäniň: «Zenanlar öýüň ýüregidir. Geliň, biziň — zenanlaryň durmuşynyň esasy manysyna, ýagny söýmek, söýülmek we söýgi arkaly tutuş dünýäde parahatçylyk dörediji bolmalydygymyza düşünmek üçin bilelikde doga-dileg edeliň!» diýen jümlesi bilen tamamlady.

Mundan başga-da, forumda çykyş eden Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Özbegistanyň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali ben Naser Al-Misned we beýleki zenan ýolbaşçylar dünýäde zenanlara berilýän ähmiýetiň yzygiderli artýandygyny bellediler.

Rabab Fatima öz çykyşynda birnäçe mysallara ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birliklerinde hem dürli ugurlarda zenanlaryň işjeň iş alyp barýandyklaryny aýdyp geçdi.

Kataryň döwlet sekretary Marýam bint Ali ben Naser Al-Misned zenanlara goýulýan maýa goýumlaryň halklaryň bagtly durmuşyna goýulýan maýa goýumdygyny aýtdy.

Umuman, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde guralan Zenan ýolbaşçylaryň forumy dünýäde gender deňligine berilýän ähmiýetiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy