JEMGYÝET

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň forumy üçin Awaza geldi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenbaşy şäherine geldi.

Belent mertebeli myhmanyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Gazagystanyň Lideri iki doganlyk halkyň arasyndaky mizemez dostluga mahsus bolan aýratyn mähirlilik we dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Şeýle hem howa menzilinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Related posts

Dünýädäki iň uly ýapyk şaglawuk

vepa

Haly baýramy mynasybetli sergi geçirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy