SPORT

Türkiýäniň futbol çempionatynyň iň gymmat futbolçysy

Türkiýäniň “Galatasaraý” topary Italiýanyň “Napoli” toparyndan nigeriýaly futbolçy Wiktor Osimheni satyn aldy. Geçen möwsüm bu toparda kärendesine oýnan Wiktor Osimhen üçin 75 million ýewro tölendi. Nigeriýaly futbolçy 4 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Türk toparynyň satyn alan bu futbolçysy Türkiýäniň futbol taryhynyň iň gymmat futbolçysy boldy. Mundan ozalky rekord 2024-nji ýylyň tomsunda gazanylypdy. Şonda “Fenerbahçe” topary Ispaniýanyň “Sewilýa” toparyndan Marokkonyň futbolçysy Ýussef En-Nesirini 19.5 million ýewro satyn alypdy.

26 ýaşyndaky Osimhen geçen ýyl “Galatasaraýda” kärendesine oýnap, 41 duşuşykda 37 gol geçirdi. Ol Türkiýäniň futbol çempionatynyň geçen möwsümdäki iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.

Related posts

Bu duşuşyk türk çempionatynyň taryhyna girdi

Çempionlar ligasy: “Real” we “Milan” ýarym finalda

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy