BIZNES

Azerbaýjanyň tebigy gazy Siriýa iberilip başlanýar

Azerbaýjanyň tebigy gazy Siriýa Türkiýä arkaly iberilmegi 2-nji awgustda başlar. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar habar berdi.

“2-nji awgustda Azerbaýjandan Siriýa Kilis arkaly tebigy gazy eksport etmegi başlarys. Bu üpjünçiligi amala aşyrmak üçin Azerbaýjan bilen “swop” şertnamasyny baglaşdyk,” diýip ministr aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Türkiýäniň çäginde Siriýa serhedine çenli gaz geçirijisini gurmak işleri iň gysga wagtda tamamlandy. Siriýa tarapynda hem gazy kabul etmek üçin zerur çäreleriň hemmesi amala aşyryldy. Taslamanyň maliýeleşdirilmegi Katar tarapyndan üpjün edildi.

Ulgamyň işe girizilmegine bagyşlanan dabarada Kataryň we Siriýanyň energetika ministrleri hem gatnaşarlar.

“Türkiýäniň üsti bilen Siriýa iberiljek Azerbaýjanyň gazy esasan elektrik energiýasyny öndürmekde ulanylar,” diýip Baýraktar nygtady.

Ministr şeýle hem, Türkiýeden Siriýa günüň dowamynda 6 million kub metr möçberinde gaz üpjün edilmeginiň 1200 MW elektrik energiýasynyň öndürilmegine mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

“Türkiýeden goşmaça 500 MW elektrik energiýasynyň iberilmegi bilen Siriýadaky umumy energiýa üpjünçilik sagady häzirki 3–4 sagatdan 10 sagada çenli artar,” diýip ol belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy