3-nji awgustda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna badalga berler. Şol gün 20-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda «Arkadag» we «Aşgabat» toparlary duşuşar. Şeýle hem futbol çempionatymyzyň ikinji ýarymynyň öňüsyrasynda Ýokary liganyň futbol toparynda üýtgeşmeler bolup geçdi.
Tomusky transfer möwsüminde toparlarymyzyň düzümine goşulan futbolçylaryň arasynda Russiýanyň medialigasynda çykyş edýän «Lotus Music» toparynyň goragçysy Oraz Ataýewiň «Ahalyň» düzümine goşulmagy, milli ýygyndymyzyň derwezeçisi Rahat Japarowyň «Aşgabat» toparyna geçmegi hem-de futbol çempionatymyzyň birinji ýarymynda «Altyn Asyryň» derwezeçileriniň tälimçisi bolan Mämmet Orazmuhammedowyň paýtagtymyzyň toparynda derwezeçi hökmünde sport ýoluny dowam etdirmek üçin şertnama baglaşandygy bellärliklidir.
Ýeri gelende, çempionatymyzyň iki aýlawynyň jemi boýunça 42 utuk toplan «Arkadag» toparynyň ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýändigini ýatladýarys. 28 utuk toplan «Ahal» ikinji, 25 utukdan toplan «Altyn Asyr» bilen «Şagadam» toparlary üçünji we dördünji orunlarda ornaşdylar.
Dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisi («Arkadag» — Arkadag şäheri, «Altyn Asyr», «Aşgabat», «Köpetdag» — hemmesi Aşgabat şäheri, «Ahal» — Ahal welaýatynyň Änew şäheri, «Şagadam» — Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri, «Nebitçi» — Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri, «Merw» — Mary welaýatynyň Mary şäheri) çykyş edýär.
Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň jemleýji, dördünji aýlawynyň duşuşyklarynyň geçiriljek wagtlary soň belli ediler.
