DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň 40-njy ömür dowamlylyk rekordy

Ýaponiýa aýallaryň arasynda 40-njy gezek ömrüň dowamlylygy boýunça dünýä rekordyny goýdy. 2024-nji ýylda bu görkeziji 87,13 ýyla deň boldy. Bu maglumatlar ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan ýaýradyldy.

Ýaponiýa erkekleriň arasynda ömrüň dowamlylygy boýunça altynjy orunda durýar (81.09 ýaş). Öňde Şwesiýa, Şweýsariýa we Norwegiýa bar.

Saglygy goraýyş ministrliginiň belleýşi ýaly, ömrüň dowamlylygy görkezijileri geçen ýyl bilen deňeşdirilende üýtgemedi diýen ýaly: erkeklerde ömrüniň tapawudy 0.00%, aýallar üçin 0,01%.

Ozal hem habar berlişine görä, dünýädäki iň garry adam hökmünde ykrar edilen 115 ýaşly iňlis zenany Etel Keýterem özüniň nädip uzak ýaşap bilendigini aýdypdy. Munuň syry gapma-garşylyklardan gaça durmakdyr.

Related posts

Uluslararası Türkmenbaşı Deniz Limanı Projesi Büyük Önem Arz etmektedir

vepa

Türkmenistan Ýaponiýanyň Dostluk alyş-çalşygy boýunça halkara geňeşi bilen hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy