JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidenti doglan güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri söhbetdeşligiň başynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işlerinde täze üstünlikleri, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Taraplar şu ýylyň aprel aýynda Samarkantda geçirilen sammitde gazanylan şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi şertlerinde türkmen-özbek dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Özara söwda dolanyşygynyň yzygiderli ösdürilmegi, işewürlik derejesinde hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy we dowam edýän işjeň medeni we ynsanperwer alyş-çalyş kanagatlanma bilen bellendi.

Halkara we sebit gün tertibindäki meseleler, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmek boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Ýene-de okaň

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär

ABŞ türkmen tebigy gazynyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Marko Rubio duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov