DÜNÝÄ

Tokaýew Trampa gümrük paçlarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly hat iberdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ABŞ-nyňPrezidenti Donald Trampa Waşingtonyň Gazagystandan getirilýän harytlara 1-nji awgustdan başlap 25% gümrük paçlaryny girizmek barada eden beýannamasy bilen baglanyşykly jogap hatyny iberdi. Gazagystan Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Tokaýew gepleşiklere taýýardygyny tassyklady hem-de söwda bilen bagly meselede ylalaşyk gazanylmagyna ynam bildirdi.

Tokaýew şeýle hem Astananyň Waşingtony “köp ýyllaryň dowamynda söwda we maýa goýum hyzmatdaşydyr” diýip hasaplaýandygyny we “adalatly, öňünden çak edilip bolýan hem-de iki tarapa peýdaly söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ygrarlydygyny” aýtdy.

Şu hepde Tramp “Truth Social” sosial ulgamynda birnäçe döwletiň ýolbaşçylaryna paçlaryň girizilmegi bilen baglanyşykly hatlary paýlaşdy. Bu ýurtlaryň arasynda Gazagystan hem bardy – Tramp Tokaýewe iberen hatynda, 1-nji awgustdan başlap Gazagystandan getirilen ähli harytlara 25% gümrük paçlarynyň giriziljekdigini aýdypdy.

Gazagystanyň Söwda ministrligi gepleşiklere taýardyklaryny, teklip iberendiklerini we ABŞ-nyň bu teklipleri gözden geçirýändigini hem-de gepleşikleriň geçiriljek senesiniň kesgitlenýändigini habar berdi. Şeýle hem, Gazagystanyň jogap çärelerini girizmek baradaky meselä garamaýandygyny aýtdylar.

2024-nji ýylda Gazagystan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda dolanyşygy $4,2 milliard boldy. 2025-nji ýylyň ýanwar – maý aýlarynda ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy $1,26 milliard bolup, munuň $418,2 milliony eksportdan geldi. “Kazinform” agentligi Gazagystanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, 2015 – 2024-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň ýurduň ykdysadyýetine $31,1 milliard möçberinde maýa goýan ýurtlaryň onlugyna girendigini hem habar berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary