BILIM

Täze halkara ýokary okuw mekdebi ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hünärmenleri taýýarlar

27-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik, işewürlik pudagyna goldaw bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň kararyny makullady hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana, täze döredilýän uniwersitetiň ýolbaşçylaryny bellemek bilen bagly degişli resminamalara gol çekdi.

Açylmagyna taýýarlyk görülýän Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 2025-2026-njy okuw ýylyndan bakalawr maksatnamasy boýunça talyplar okuwa kabul ediler.

Şunuň bilen baglylykda, Bilim ministrligine Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Tertipnamasynyň we gurluşynyň kanunçylykda bellenen tertipde taýýarlanylmagyna hem-de tassyklanylmagyna; täze ýokary okuw mekdebiniň bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlylandyrmak, bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy amallaryny geçmegine; taýýarlygyň ugurlary (hünärler) boýunça okuw meýilnamalarynyň halkara ölçeglere laýyklykda taýýarlanylmagyna ýardam bermek tabşyryldy.

Şeýlelikde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň işewürlik pudagy üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlaýan esasy bilim ojagyna öwrüler. Bu ýerde sapaklary geçmek üçin bellenilen tertipde daşary ýurtly mugallymlar we hünärmenler çagyrylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglaryna badalga berildi

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti – döwrebap bilim ojagy

Türkmenistan – Türkiýe: bilim ugrunda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistanda dalaşgärler üçin «MenTalyp» mobil goşundy döredildi

Wengriýa her ýyl Özbegistanyň raýatlary üçin 200-e çenli talyp hakyny bölüp berer

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy kitap sergisini gurnaýar