BILIM

Ýaş türkmen matematikleriniň halkara olimpiadaky uly üstünligi

2025-nji ýylyň 24-29-njy iýuny aralygynda Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Struga şäherinde Ýaşlaryň 29-njy Balkan matematika olimpiadasy geçirildi.

Bu olimpiada dünýäniň 23 döwletinden (Albaniýa Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy, Bosniýa we Gersogowina, Bolgariýa Respublikasy, Çernogoriýa Respublikasy, Horwatiýa Respublikasy, Kipr Respublikasy, Fransiýa Respublikasy, Rumyniýa, Gresiýa Respublikasy, Demirgazyk Makedoniýa Respublikasy, Gruziýa Respublikasy, Ermenistan Respublikasy, Malaýziýa, Molodowa Respublikasy, Saud Arabystan Patyşalygy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Ukraina,  Serbiýa Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Türkmenistan) 135 okuwçy, ýurdumyzdan 6 okuwçy gatnaşdy.

Çekeleşikli geçen bu olimpiada gatnaşan mekdep okuwçylarymyz üstünlikli çykyş edip, Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow altyn medala, 9-njy synp okuwçylary Atabaý Akmyradow, Ýeňiş Akmämmedow, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçylary Ýusup Resulow, Parahat Ojarow kümüş medallara, Aşgabat şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Omar Döwranow bürünç medala mynasyp boldular. Şeýlelikde, mekdep okuwçylarymyz 1 altyn, 4 kümüş we 1 bürünç medala eýe bolmagy başardylar.

Ýene-de okaň

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär