SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Fransiýada jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi

Fransiýada jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi. Bu ugurda ýüze çykan düzgün bozulmalar üçin 135 ýewro çenli jerime göz öňünde tutuldy.

Çäklendirmeler jemgyýetçilik ulaglaryny, seýilgähleri, deňiz kenarlaryny, kitaphanalary we mekdepleri öz içine alýar. Bu çäre, esasan, çagalary passiw çilim çekmekden goramaga gönükdirilendir. Hökümetiň esasy maksady 2032-nji ýyla çenli çilimkeşleriň sanyny 5% -e çenli azaltmak.

Fransiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä, ýurtda her ýyl çilim çekmegiň netijesinde 75 müňe golaý adam aradan çykýar. Zyýanly endikleriň umumy zyýany ýylda 176 milliard dollardan geçýär diýip,  habar berilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar