DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Gazagystanyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplary we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem iň ýokary derejelerde gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilmegine doly goldaw bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ministrler şu ýyl öňde boljak çäreleriň tertibini hem gözden geçirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy