Pekiniň senagat zolagynda adaty bolmadyk futbol oýny bolup geçdi: meýdançada humanoid robotlar oýnady. Duşuşyk 5: 3 hasabynda tamamlandy we robotlaryň oýny gaty haýal amala aşyrylandygyna garamazdan, esasy maksat tomaşa üçin däl-de, tehnologiýanyň ösüşini görkezmekden ybaratdyr.
Duşuşykda her toparda 3 robot gatnaşdyryldy. Robotlar, adam gatyşmazdan hereketlerine gözegçilik edýän emeli intellekt algoritmleri bilen enjamlaşdyryldy.
Oýna Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň – Sinhua uniwersitetiniň we Pekin maglumat tehnologiýa uniwersitetiniň toparlary gatnaşdy. Sinhua uniwersitetiniň topary ýeňiş gazandy.
Bu futbol duşuşygy Hytaýyň 2025-nji ýylyň 15-17-nji awgustynda Pekinde geçirmegi meýilleşdirýän Bütindünýä robot oýunlarynyň başlangyjy boldy. Bu maksatnama gimnastika, ýeňil atletika we futbol ýaly 11 sport görnüşini girizildi.