DÜNÝÄ

Türkmenistanyň halkara hususy hukugy baradaky täze kanunçylygy kabul edildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda «Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Raýat kodeksine halkara hususy hukugy baradaky ýörite bölümiň goşulmagy milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Täze kanun metbugatda neşir edilenden soň, halkara hususy hukuk ulgamynda hünärmen, hukuk ylymlarynyň doktory Dowran Orazgylyjowyň Türkmenistanyň halkara hususy hukugy baradaky täze kanunçylygyna degişli analizi Atavatan Türkmenistan saýtynda okyjylara ýetiriler.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda taýýarlanylan Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň kabul edilmegi ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginde hem-de daşary ýurt şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan hukuk esaslarynyň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary