JEMGYÝET

1 million tonnadan gowrak türkmen bugdaýy taýýar

Ýurdumyzyň ussat gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Munuň özi edermen daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň we ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ak ekin meýdanlarynda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, sürüjileriň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyna goşulýan hasylyň mukdary yzygiderli artýar. 1 million tonnalyk sepgidi eýelän gallaçy kärendeçileriň orak möwsüminde alyp barýan işleriniň depginleri birjik-de peselmeýär.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginde bolup, kärendeçi daýhanyň alyp barýan işleri bilen tanyşmagy hem-de onuň ýetişdiren bugdaý hasylynyň oragyna ak pata bermegi ýurdumyzyň gallaçy kärendeçilerini belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrdy.

Häzirki döwürde ähli welaýatlarda döwrebap däne saklaýjy we üweýji kärhanalaryň gurulmagy oba hojalyk ekini bolan bugdaýyň ýetişdirilmegine, gaýtadan işlenilmegine we saklanmagyna berilýän ünsüň örän uludygyny görkezýär. Orak möwsüminde işleriň gije-gündizleýin alnyp barylmagy netijesinde her günde kabul ediş nokatlaryna ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Munuň özi ekerançylaryň ýetişdirilen bol hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almaga, döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny doly ýerine ýetirmäge bolan höwesini artdyrýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Oguljahan Atabaýewa «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary Milli Liderimize hoşallyk hatyny ýolladylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi