BIZNES

«Uzynada» nebitgaz ýatagy elektrik energiýasy bilen üpjün ediler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky täze açylan «Uzynada» nebitgaz ýatagy elektrik energiýasy bilen üpjün ediler. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly 20-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebitgaz ýataklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze açylan «Uzynada» nebitgaz ýatagyny özleşdirmek, hususan-da, ony elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Bu bolsa täze ýatagyň elektrik üpjünçiligi bilen bir hatarda, beýleki ýanaşyk ýataklary hem elektrik energiýasynyň goşmaça möçberi bilen üpjün etmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebitgaz känlerinde täze ýataklary ýüze çykarmak hem-de özleşdirmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy hem-de täze açylan «Uzynada» nebitgaz ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi