DÜNÝÄ

Sergeý Lawrow 24-25-nji iýunda Türkmenistana geler

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 24-25-nji iýunda Türkmenistana resmi sapar bilen geler. Saparyň dowamynda Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF) çäginde guralan brifingde habar berdi.

Şeýle hem Sergeý Lawrow bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň arasynda gepleşikler meýilleşdirilýär.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliniň aýtmagyna görä, taraplar ýakyn wagtda boljak syýasy gatnaşyklary iň ýokary derejelerde, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwerlik ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşarlar.

Zaharowa “Sebitiň gün tertibi, dünýädäki ýagdaý, şeýle hem köptaraplaýyn formatlaryň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar barada pikir alşylar” -diýip belledi.

Ýene-de okaň

Anar Guliýew: Fizulide gurulýan metjit Türkmenistan bilen doganlygyň nyşanydyr

Türkmenistan bilen Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Azerbaýjan bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Raşad Nabiýew: ‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy