SPORT

Gattuso Italiýanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

2006-njy ýylyň dünýä çempiony Jennaro Gattuso Italiýanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Milli ýygyndynyň metbugat gullugy bu barada habar berdi.

Mundan ozal, Lýusiano Spallettiniň 2023-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip gelýän Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden çekilýändigini habar berlipdi.

“Gattuso italýan futbolynyň nyşany. Höweslendirişi, ussatlygy we tejribesi öňümizdäki milli ýygyndy toparynyň borçnamalaryny iň oňat ýerine ýetirmek üçin esas bolar. Biziň ýetmek isleýän maksadymyzyň möhümdigini bilip, bu kynçylygy kabul edenligi we tutanýerliligi üçin minnetdarlygymy bildirýärin” – diýip, Italiýa Futbol federasiýasynyň prezidenti Gabriel Grawina belledi.

Gattuso 47 ýaşynda,ol mundan ozal Horwatiýanyň “Haýduk” toparyna tälim boldy. Ondan ozal Italiýanyň “Palermo”, “Pisa”, “Milan”, “Napoli”, Şweýsariýanyň “Sion”, Gresiýanyň OFI, Ispaniýanyň “Walensiýa” we Fransiýa “Marsel” toparlaryna tälim berdi. Onuň ýolbaşçylygynda “Napoli” topary 2020-nji ýylda Italiýa kubogyny gazanypdy.

Gattuso futbol oýnan döwründe Italiýanyň “Peruja”, “Salernitana” we “Milan”, Şotlandiýanyň “Reýnjers” ​​we Şweýsariýanyň “Sion” klublarynda oýnady. “Milan” bilen iki gezek Italiýa çempionatynda we Super kubogynda, Çempionlar ligasynda we UEFA Super kubogynda we bir gezek Italiýanyň kubogynda ýeňiji boldy.

Gattuso 1999-njy ýyldan 2012-nji ýyla çenli “Milanda” oýnady, topar üçin 468 duşuşykda çykyş etdi, 11 pökgi geçirip, 19 asist etdi. Italiýanyň milli ýygyndysy bilen bilelikde Gattuso 2006-njy ýylda Germaniýada geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolup, milli ýygyndy üçin 73 oýun oýnady we 1 pökgi geçirdi.

Ýene-de okaň

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy