DÜNÝÄ

Türkmenistan GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistanyň Duşenbe şäherine bardy. Bu barada “Howar” habarlar agentligi habar berýär.

Duşenbe şäheriniň halkara howa menzilinde türkmen wekiliýetini Täjigistanyň Hökümetiniň wekilleri garşylady.

Şu gün Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodanyň başlyklyk etmeginde GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu mejlisiň işine gatnaşmak üçin Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we gurama agza beýleki döwletleriň hökümet baştutanlary Duşenbe şäherine ýygnandylar.

2025-nji ýylda Täjigistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýär.

Напомним, что в 2025 году председательство в Содружестве Независимых Государств возложено на Республику Таджикистан.

Related posts

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da veteriner kliniği açılacak

vepa

Owganystanyň iň garry ýaşaýjysy aradan çykdy