DÜNÝÄ

Baku şäherinde “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi

Baku şäherinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Azerbaýjanyň Hazar uniwersiteti bilen bilelikde, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň, Türkiýe, Yrak we Özbegistan türkmenlerinden wekiller hem-de alymlar gatnaşdylar.

Çykyş edenler türkmenleriň gelip çykyşy barada durup geçip, iň gadymy türk halklaryndan biri bolan oguzlar barada söhbet etdiler we türkmenleriň ata-babalarynyň geçmişde uly döwletleri esaslandyrandyklaryny bellediler.

Taryhynyň kynçylykly döwürlerine garamazdan türkmenleriň hemişe parahatçylyk söýüjilikli, bitarap we dostlukly gatnaşyklaryň medeniýetini öňe sürendiklerini bellenildi. Häzirki wagtda ata-babalarymyzdan miras galan ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik ýaly bu ýörelgeler Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynda öz beýanyny tapdy.

Şeýle hem, bu simpoziumyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyryş dabarasynda giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu eseriň beýik şahyryň baý edebi mirasyny, dünýä medeniýetine goşan goşandyny we Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini açyp görkezýändigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň alymlary bilelikde milli golýazmalary öwrenmäge başladylar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy mini-futbol ýaryşyny gurnady

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi