SPORT

Messi we Suares öz futbol toparyny döretdiler

MLS-iň (Amerikanyň Baş futbol ligasy) “Inter Maýami” klubunyň oýunçylary — sekiz gezek “Altyn topuň” eýesi argentinaly Lionel Messi we Ispaniýanyň “Barselona” topary bäş gezek çempion bolan urugwaýly Luis Suares özleriniň futbol klubuny döretdiler. Bu barada Suares “X” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

Täze topar “Deportivo LSM” adyny aldy we ol Urugwaýyň çempionatynyň güýç derejesi boýunça dördünji diwizionynda çykyş eder. “LSM” gysgaldylmasy futbolçylaryň atlarynyň baş harpyndan emele gelýär.

“Şu gün men urugwaý futbolyna täze ýetginjekleri we çagalary çekmek mümkinçiliklerini hödürlemek isleýärin. Şonuň üçin biz täze döreden toparymyz bilen bilelikde Urugwaýyň Futbol federasiýasynyň guramagyndaky ýaryşlara gatnaşmagy makul bildik. Bu biziň üçin uly ylham çeşmesi we meniň hem-de maşgalamyň bu taslama bolan ynamymyz öňe uly ädim ätmäge mümkinçilik berýär” diýip, Suares aýtdy.

Häzirki möwsümde Messiniň we Suaresiň çykyş edýän “Inter Maýami” topary Gündogar konferensiýasynda 14 oýundan soň 23 utuk bilen ýedinji ýerde durýar. Geljek tapgyrda bu topar 29-njy maýda öz meýdançasynda “Monreal” topary bilen oýnar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady