DÜNÝÄ

Türkmenistandan 2844 adam haj parzy üçin Saud Arabystany gider

Şu günler ýurdumyzyň zyýaratçylary yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri hasaplanylýan Mekge we Medine şäherlerine haj parzlaryny berjaý etmek üçin zyýarata ugradylýar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. 

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti tarapyndan şu ýylyň haj möwsüminde ýurdumyz boýunça jemi 2844 adamy, şol sanda döwlet tarapyndan 289 hem-de raýatlaryň öz serişdeleriniň hasabyna 2555 ildeşimizi haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. Olar sekiz topara bölünip, kesgitlenen tertipnama boýunça yslam dünýäsiniň iň mukaddes saýylýan ýerlerinde zyýaratda bolarlar. Munuň özi eziz Watanymyzda asylly ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, dini parzlaryň berjaý edilmegi ugrunda zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan bolan zyýaratçylar musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri — Gurban baýramynyň sahawatly günlerinde dünýä ýurtlaryndan barýan zyýaratçylaryň millionlarçasy bilen bir hatarda, Mekgede hem-de Medinede haj parzyny ýerine ýetirerler. Medinede zyýaratçylar Muhammet pygamberiň, onuň egindeşleriniň ruhlarynyň aram tapan ýerlerine, dünýä belli metjitlere we beýleki mukaddes ýerlere zyýarat ederler. Olar haj parzynyň berjaý ediljek ýeri bolan Mekgede Zem-Zem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly yslam dünýäsiniň baş mukaddesliklerine togap edip, mukaddes Käbäniň daşyndan aýlanarlar.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi