TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň ilkinji emeli aň tehnologiýaly şäheri gurlar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi hökümeti giň gerimli taslama – emeli aň tehnologiýasy ornaşdyryljak dünýäde ilkinji şäheriň gurluşygyna badalga berdi.

Täze megapolis “Aion Sentia” diýlip atlandyrylar we Emirligiň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy merkezine öwrüler. Taslamanyň maýa goýumynyň möçberi 3.3 milliard dollara deň bolar we ony 2027-nji ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Sanly ösüş bölüminiň başlygy ahmed Hişam Al Kuttabyň bellemegine görä, “Aion Sentia” taslamasynyň esasy aýratynlygy – gündelik işlerde, infrastrukturada we dolandyryşda emeli aň ulgamynyň ornaşdyrylmagy bolar.

Emeli aň diňe bir döwlet gulluklarynda däl, eýsem döwlet dolandyryş derejesinde çözgütleri kabul etmek üçin hem ulanylar.

“Aion Sentia” taslamasy Emirligiň jemi içerki önümine 6.5 milliard dollar goşant goşar we emeli aň, robot tehnikasy, kiberhowpsuzlyk, maglumatlaryň etikasy we dolandyrylyşy ýaly ugurlarda 5 müňden gowrak ýokary hünärli iş orunlarynyň döremegine itergi berer.

Bu taslama öňdebayrjy ylmy-tehnologiýa guramalarynyň gatnaşmagynda işlenip düzülýär. Olaryň esasy wezipesi – “akylly” şäherler üçin täze ählumumy ülňüleri döretmek babatda çözgütleri işläp düzmekden ybaratdyr.

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler