Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow “Parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň umumy giňişligini gurmak” atly Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň işine Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, seljeriş we ylmy-gözleg merkezleriniň bilermenleri, maliýe guramalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini, şol sanda howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ykdysady ösüşi üpjün etmäge hususy pudak bilen maliýe düzümleriniň goşandyny giňeltmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýeti çykyşynyň dowamynda ulag-logistika, energetika, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça derwaýys meseleleri we başlangyçlary beýan etdi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Termez dialogynyň mejlisine gatnaşyjylar onda gazanylan ylalaşyklaryň sebitara arabaglanyşygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we giň Ýewraziýa yklymynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň saklanmagyna goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.